TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy

Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 76 ýyllygynyň öň ýanynda Lebap welaýatynda uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar hem-de ter güllerden düzülen çemenler gowşuryldy.
Welaýat häkimliginiň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri uruş weteranlarynyň öýlerine bardylar. Gynansakda, ýyl geçdigiçe olaryň sany azalmak bilen. Häzir Lebap welaýatynda 10 sany uruş weterany galdy. Olaryň iň ýaşy 94 ýaşy arka atdy, iň ulusy bolsa 99 ýaşady. Ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan olar myhmanlary ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Söhbetdeşliklerde olaryň söweş ýollary ýatlanyldy.
Şeýle sowgatlar welaýatyň çäginde hereket edýän iri jemgyýetçilik guramalary, weteranlaryň işlän kärhanalary we edaralary tarapyndan hem gowşuryldy.
Ýeňiş baýramynyň öň ýanynda ýaşlyk ýyllaryny Watanyň azatlygy ugrundaky söweşlere gatnaşan adamlaryň esasy üns bilen gurşalyp alynýandygy tebigy. Olar söweşlerde janyny gaýgyrman, dünýäniň halklaryny faşistleriň zulmundan azatlyga çykardylar.

 

 

Türkmenistanda olar hemişe-de şeýle alada bilen gurşalyp alnandyr. Uruş weteranlaryna berilýän ýeňillikler hereket edýän kanunçylykda berkidilendir. Mysal üçin, olara döwletiň dermanhana edaralaryndan, şol sanda ýöriteleşdirilen dermanhanalardan, lukmanyň ýazyp beren dermannamasy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen ölçegleriň we tertibiň çäklerinde dermanlar mugt berilýär. Ýaşaýan ýerindäki döwletiň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda diş protezleri (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga) mugt taýýarlanylýar we abatlanylýar, şeýle hem beýleki protezler we protez-ortopediki önümler bilen mugt üpjün edilýär.
Döwletiň ambulatoriýa-saglyk öýlerinde Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna nobatsyz hem mugt hyzmat edilýär, olar hassahana hem nobatsyz ýerleşdirilýär. Uruş weteranlary ýylda bir gezek mugt şypahana bejergisini alyp bilýärler.
Şeýle hem, olar suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan, merkezleşdirilen ýyladyş ulgamyndan, durmuş we beýleki galyndylary çykarmak hyzmatlaryndan, hapa suwlary akabalara akdyrmakdan hem mugt peýdalanýarlar. Demir ýol, howa, suw we şäherara awtomobil ulaglarynda ýylda bir gezek mugt gidip-gelmek hukugy hem kanunçylykda berkidilendir. Güýz-gyş möwsüminde gidip-gelmegiň sanyny çäklendirilmezden olara demir ýol we howa ulaglarynda ýol nyrhynyň 50 göterimi möçberinde ýeňillik berilýär. Şäher we şäherýaka ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda mugt gidip we gelip bilýärler.
Uruş weteranlaryna berilýän ýeňillikler diňe ýokarda görkezilenler bilen çäklendirilmeýär. Olaryň sanawyny ýene-de dowam etdiribermeli. Olaryň ählisi Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde we beýleki hukuk kadalaşdyryjy namalarynda görkezilen. Bu resminamalaryň hemmesi islendik adam üçin elýeter.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply