Berkarar zaman obasynyň medeniýet öýünde döredijilik duşuşygy geçirildi

Halaç etrabynyň Berkarar zaman obasynyň medeniýet öýüniň kitaphanasynda «Köňle ylham gelýär, şirin owazda» atly aýdym sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň etrap kitaphanasy bilen bilelikde guran çäresi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlandy.

Oňa ýaş okyjylar, medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp gyzlar gatnaşdylar. Garabekewül şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülzada Annageldiýewa, talyp gyzlar özleriniň ýazan we Pyragynyň goşgularyny okadylar, leksiýalar bilen çykyş etdiler. Berkarar Zaman oba medeniýet öýüniň höwesjeň aýdymçysy Maksat Akmyradow Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector