DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ispaniýada 26-njy iýundan başlap, daşarda agyz-burun örtügini dakynmak hökman bolmaz

Ispaniýanyň hökümeti 26-njy iýundan başlap, daşarda hökman agyz-burun örtügini dakynmak düzgünini ýatyrmakçy. Bu barada pireneý korollygynyň premýer-ministri Pedro Sançes habar berdi, diýip «Российская газета» ýazýar.
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmaklaryna görä, bu hemmeler üçin garaşylmadyk habar bolupdyr. Şu wagta çenli hökümetiň ähli beýannamalary sanjym barada eken, agyz-burun örtüginden boýun gaçyrmak barada gürrüň asla edilmändir.
Sançes muny daşary ýurtly syýahatçylary çekmek üçin möhüm ädim diýip hasaplaýan syýahatçylyk sektorynyň we ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynyň wekilleriniň talaplaryna boýun bolandyr diýlip çaklanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: