DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Marsda ullakan wulkan tapyldy

SETI institutynyň alymlary Marsda täze ullakan wulkanyň tapylandygyny habar berdiler. Obýekt latyn dilinde “gije” diýen manyda “Noktis” diýip atlandyryldy.

Noktis, Mars ekwatorynyň golaýynda, Tarsis ýa-da Farsida sebitinde ýerleşýär. Şol sebitde başga-da ullakan Mars wulkanlary bar: Mons Pawonis (beýikligi – 14 müň metr), Mons Askreý (18 müň metr) we Mons Arsia (19 müň metr).

Hünärmenleriň pikiriçe, bu wulkan Gyzyl planetadaky beýleki wulkanlara garanyňda has ereýän we pesdir. Onuň diametri 450 kilometre, beýikligi 9022 metre barabardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: