SPORT WE SYÝAHAT

Ýewropa çempionatynyň Londondan Budapeşte geçiriljekdigi baradaky habar ýalan bolup çykdy

Ýewropa futbol assosiýasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Ýewropa çempionatynyň final duşuşygynyň Londondan Budapeşte geçiriljekdigi baradaky habary ýalana çykardy. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, «ТАСС» ýazýar.
Anna güni «Times» britan neşiri Londonyň hökümetiniň 2,5 müň töweregi resmi adamlary hökmany karantin geçmezden final duşuşyga goýberip bilmedik ýagdaýynda UEFA-nyň oýny Londondan Budapeşte geçirmegiň meselesine seredýändigi barada habar beripdi.
Oýunlaryň soňky hepdesinde Londonda iki ýarym final (6-njy we 7-nji iýulda) we final (11-nji iýulda) duşuşyklar geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: