YKDYSADYÝET

Garagumda täze gaz geçirijisi çekilýär

«Merkezi Garagum — Zäkli — Derweze» gaz kondensatly käninde gaz geçirijileri çekmek, ozaldan barlarynyň durklaryny täzelemek işleri alnyp barylýar.
Gurluşygy «Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň 8-nji gurluşyk gurnama meýdançasynyň hünärmenleri alyp barýarlar. Olar «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň türkmen böleginde gurluşyk işleriň uly toplumyny berjaý etdiler. Ondan biraz wagt ozal bolsa olar «Döwletabat — Derýalyk» ýokary basyşly gaz geçirijisiniň bir şahasynyň 60 kilometre barabar böleginiň durkuny täzelemäge hem gatnaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: