YLYM WE TEHNIKA

«Samsung» smartfonunyň täze görnüşi görkezildi

Dünýäde ilkinji bolup ini çekilip ulaldylýan «Samsung» smartfonunyh peýda bolmagy mümkin. Enjam «OPPO X 2021»-i ýatladýar. Onuň ekranynyň gabarasy 50% diýen ýaly ulalýar we ol planşete öwrülýär, diýip «mil.ru» ýazýar.

Onuň ýygnalmagy we ýazylmagy bir düwmäni basanyňdan, awtomaki ýagdaýda bolup geçýär. Muny aýratyn düwmäniň ýa-da enjamyň ýokarsynda ýerleşýän iýmitlendiriş düwmesiniň üsti bilen amala aşyrmak mümkin bolar. Elbetde, häzirlikde görkezilen şekiller zehinli dizaýnerleriň göz öňüne getirişleri. Hakykat ýüzünde şeýle enjamyň peýda boljakdygy ýa-da bolmajakdygy belli däl. Hemmesi kompaniýa bagly.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: