JEMGYÝET

«Ak ýol» firmasy aksiýa geçirýär. Baş baýrak — awtomobil

Tomsuň soňky aýynda «Ak ýol» firmasy dürli utuşly baýraklar bilen aksiýa geçirýär. Ol diňe Lebap welaýatynda geçiriler we tomsuň ahyryna çenli dowam eder. Oňa islän adam gatnaşyp biler. Onuň üçin firma tarapyndan hödürlenilýän gapagynda «Utuşly» diýlip ýazylan «Boss» we «Ýiti» atly içgileri satyn almaly. Alyjylaryň arasynda bagty çüweniň bolmagy mümkin. Içgileri welaýatyň çägindäki islendik dükandan ýa-da «Lebap» söwda-dynç alyş merkezinden satyn alyp bolar. Utuş çüýşäniň gapagynyň iç ýüzünde ýazylan. Baş baýrak — iki sany «Toyota. Corolla» awtomobili. Ondan başga-da, welosipedler we beýleki utuşlar bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: