DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ekspertler: Ýewropada deňi-taýy bolmadyk yssa garaşylýar

Ýewrokomissiýada adamyň täsiri zerarly Ýeriň çalt gyzýandygyny barada habar berdiler, diýip, «lenta.ru» ýazýar.

Dünýäniň köp böleklerinde ýylylygyň tolkunlary çaltlaşýar we ýygylaşýar. Ýeriň mundan beýläk gyzmagy bilen bu mesele hasam güýçlener.

Ekspertler, hususanda, Ýewropada deňi-taýy bolmadyk yssynyň bolmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar. Bütindünýä metereologiki guramasynda ýewropalylaryň howanyň gyzgynlygynyň 500-dan hem ýokary bolmagyna taýýarlyk görmelidiklerini habar berdiler.

Ozal awgustda Ýewropada 490-a ýetmek bilen, 44 ýyl mundan öňki howanyň gyzgynlygynyň rekordy täzelenipdi. 11 awgustda Sisiliýanyň Sirakuzy şäherinde plýus 48,80 gyzgynlyk hasaba alyndy. Ondan öňki rekord — 480 1977-nji ýylda Afinada hasaba alnypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: