JEMGYÝET

Indiki ýyldan başlap Ýewropada ulaglary gaty sürüp bilmezler

2022-njy başlap, Ýewropa Bileleşiginde ýolda awtomobilleriň tizligine maşynlaryň özleri gözegçilik edip başlarlar. Parlamentde kabul edilen reglamente görä, 1-nji iýuldan zawodlarda goýberilýän maşynlaryň hemmesi akylly tormoz ulgamy bilen üpjün ediler. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

«Le Figaro»-nyň ýazmagyna görä, awtomobillerde goýlan enjam hakyky wagtda ulag serişdesiniň tizligini ölçär we ony ýoluň degişli böleginde rugsat berilen tizlik bilen deňeşdirer. Munuň üçin, maşynlarda ýol belgilerini tapawutlandyryp bilýän kamera oturdylar. Toplanan maglumat bort ulgamynyň nawigasiýa maglumatlary bilen deňeşdiriler. Eger sürüji bellenilen tizlikden ýokary sürse, awtomobil bu barada ses bilen duýduryp başlaýar. Ol muňa gulak asmasa, gazyň pedaly gatap, basylmaz we tizlik peseler.

Indi sürüjileri esasy gyzyklandyrýan başga zat: bu akylly enjamyň oturdylmagy bilen awtomobiliň bahasy näçe gymmatlarka?

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: