JEMGYÝET

Çagalaryň arasynda yglan edilen aýdym-sazly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen atly aýdym-sazly bäsleşige Türkmenabat şäherinden we  Lebap welaýatyň etraplaryndan gelen zehinli çagalar gatnaşdylar.

Çykyş edenler diňe bir aýdym aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, saz çalmak, tans etmek hem-de türkmen milli däp-dessurlaryny görkezmek, folklor eserlerini we sahna oýunlary ýerine ýetirmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde Türkmenabat şäheriniň, Çärjew, Saýat, Dänew, Farap etraplarynyň wekilleri has-da tapawutlandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: