Baýramçylyk çäresi geçirildi
Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe Medeniýet öýünde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym» diýen at bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komiteti tarapyndan guralan bu çärä etrabyň mährem eneleri, gelin-gyzlary, zähmetkeş zenanlar gatnaşdylar. Baýramçylyk gutlaglaryna baý bolan çykyşlardan soň etrabyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlara, köp çagaly enelere TDP-niň etrap komiteti tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Soňra medeniýet öýüniň artistleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi.