JEMGYÝET

Indi ýollamalary öýden çykman, ugradyp bolýar

Indi ýollamalary ugratmak ýa-da almak üçin poçta bölümine gitmek hökman däl. Islendik adam ýollamalary ugratmak üçi çapary öýüne ýa-da işleýän ýerine çagyryp bilýär. Ol iberilýän ýollamany ýa-da haty gaplar, saklamak üçin alyp gider we barmaly ýerine ugradar.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy «salgydan-salga» çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär. Bu baradaky habar kompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy. Onda müşderiniň iberilen ýollamanyň ýa-da hatyň nirede barýandygyny yzarlap bolýandygy hem habar berilýär.

Şonuň ýaly-da, hyzmatlaryň tölegi eltip bermegiň gyssaglylygy, ýollamanyň agramy we görnüşi, alyjynyň salgysynyň uzaklygy bilen hem kesgitlenilýändigi hem müşderileriň dykgatyna ýetirilýär. Şeýle-de, şu ýylyň mart aýyndan «Türkmenpoçta» çaparçylyk hyzmatlarynyň bahasynyň arzanladylandygy habar berilýär.

Kompaniýa ýollanmalary Türkmenistanyň islendik ýerine iki-üç günüň dowamynda eltip bermegi kepillendirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: