Sagdyn bolaýyn diýseňiz
Adamyň ýaşaýşy we sagdynlygy üçin suwuň peýdasy örän uludyr. Arassa suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Şonuň üçin hem, suw ýaşaýşyň çeşmesine deňelýär. Suw aşgazanda iýmitiň özleşmegine ýardam berýär. Şeýle hem, suw iýmit siňdiriş ulgamynda bolup geçýän himiki özgerişlere gatnaşýar, bedeniň gyzgynyna hem täsir edýär. Adam günüň dowamynda azyndan 2—2,5 litr möçberinde suw içmeli. Gaýnadylyp sowadylan suwy içmek maslahat berilýär. Sebäbi gaýnadylan suw bedende madda alyş-çalşygyny güýçlendirýär. Durmuşda suw içmegi endik etmek zerurdyr, ajygan mahalymyzda-da suw içmegi ýola goýmaly. Bu agşamlyk naharyny agyr iýmekden halas edýär. Sebäbi suw adamy dok halda saklamaga hem ukyplydyr.
Suw adamyň derisini hem çyglandyrýar. Şeýle hem, bedeniň süzgüji böwrekleriň has netijeli we sazlaşykly işlemegi üçin zerurdyr. Suw bogunlaryň tebigy çalgysydyr, çünki ol bolmasa, bedende damarlaryň çekmegine, agyrynyň peýda bolmagyna mümkinçilik döreýär. Suwuň düzümine adama gerekli maddalaryň girýändigini hem bellemek gerek. Ýagny kalsiý, magniý, natriý, kaliý ýaly maddalar degişlidir. Şonuň üçin hem suw ýürek hem-de myşsalaryň işjeňligini artdyrýar. Kalsiý süňkleri we dişleri berkidýär, magniý bolsa myşsalaryň we nerw dartgynlylygynyň gowşamagyna ýardam edýär. Elbetde, bu maddalara mineral suwy örän baýdyr.
Häzirki wagtda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu asylly ýörelgeleri ýöretmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şonuň üçin hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanmagy, kadaly iýmitlenmegi, gaýnadylyp sowan suwy içmegi endik edinmelidiris. Suw durmuşda hem, önümçilik işlerinde hem adamyň ýaşaýyş-durmuşynyň esasyny düzýär. Agyz suwunyň uly ähmiýetiniň bardygy gadymy döwürlerde hem mälim bolupdyr. Lukmançylygyň atasy hasaplanylýan Gippokrat bolsa özüniň tejribesinde suw bilen bejermek usulyny giňden ulanypdyr.
Ýurdumyzda raýatlarymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, ähli ýerlerde zerur bolan suw üpjünçilik desgalaryny gurmak hem-de öň bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işleriniň üstünlikli alnyp barylmagy ähli ildeşlerimizi guwandyrýar.
Ogulnar Nazarowa,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.