Futzal boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebinde gyzlaryň arasynda futzal boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden iki, Çärjew we Farap etraplaryndan bir topardan gatnaşdylar.

Iki günläp dowam eden duşuşyklarda Türkmenabat şäheriniň toparlary özleriniň ussatlyklaryny subut etdiler. Utuklaryň jemi boýunça şäheriň birinji topary birinji, ikinji topary hem ikinji orna mynasyp boldy. Üçünji orny Çärjew etrabynyň topary eýeledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector