JEMGYÝET

Türkmenabatdan Moskwa ýörite gatnaw amala aşyrylar

«S7 Airlanes» Sibir awiakompaniýasy 22 oktýabrda «Türkmenabat — Moskwa» ugry boýunça ýörite howa gatnawyny amala aşyrar. S78536 belgili gatnaw Domodedowo halkara howa menziliniň resmi saýtynda rejä girizilipdir, diýip RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasyndaky çeşmäniň habar berýändigi barada «orient.tm» ýazýar.

Şonuň ýaly-da, 24-nji oktýabrda «Türk howa ýollarynyň» «Türkmenbaşy — Stambul» ugry boýunça gatnawy amala aşyrýandygy mälim boldy.