JEMGYÝET

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 32 ýaşady

Şu gün Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 32 ýaşaýar. Bu barada welaýat neşiri ýörite makala arkaly habar berdi.

Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş partiýa 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda geçirilen I Esaslandyryjy gurultaýynda döredildi. Şondan bäri partiýanyň gurultaýlarynyň 10-a golaýy geçirildi. 30 ýyldan gowrak taryhynyň dowamynda partiýa öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, öz Tertipnamasyna we Maksatnamasyna laýyklykda alyp barýar.

Häzirki wagtda partiýa özünde 5 sany welaýat, 8 sany şäher, 39 sany etrap partiýa komitetini birleşdirýär. Şol komitetleriň 10-sy biziň Lebap welaýatynda hereket edýär. Şol sanda, olaryň biri welaýat, ýene biri şäher, galan sekizisi bolsa etrap komitetleridir.