Lebap welaýatynda täze binalaryň ulanylmaga tabşyrylmagyna taýýarlyk görülýär

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 31 ýyllygynyň bellenilmeginiň öň ýanynda durmuş maksatly binalaryň ençemesiniň açylmagyna garaşylýar.

Täze okuw ýylynyň öň ýanynda Saýat etrabynda 600 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy ulanylmaga berler. Türkmenabadyň halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 40-synyň, kottejleriň 100-siniň Tabşyrylmagyna garaşylýar. Şonuň ýaly-da, Türkmenabat şäheriniň awtomenziliniň açylyş dabarasyna hem garaşylýar. Şu günler gurluşyklar bu binalary wagtynda we ýokary hilli tabşyrmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector