BILIM

Idrisbaba medresesine gezelenç guraldy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda Idrisbaba medresesine gezelenç guraldy.

«Pyragyň arzuwlan zamany geldi» ady bilen guralan gezelenje etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Okuwçylar bu medresäniň gurluşy, onuň şöhratly taryhy bilen ýakyndan tanyş boldular. Şonuň ýaly-da akyldar şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplaryny okamaklyga mümkinçilik tapdylar. Gezelenjiň dowamynda zehinli okuwçylaryň arasynda şygyr bäsleşigi hem geçirildi. Olar ata Watanymyzy, asudalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly okamakda bäsleşdiler.

Çeper okaýşy bilen tapawutlanan okuwçylara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: