MEDENIÝET

Welaýat çagalar kitaphanasynda Ata Gowşudow ýatlanyldy

Welaýat çagalar kitaphanasynda «Şuglaly sözüň aşygy» ady bilen türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran görnükli ýazyjy Ata Gowşudowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi.

Çärä Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylary, bilim işgärleri, şahyrlar gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler A.Gowşudowyň ömri we döredijiligi dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Okuwçylar ýazyjynyň döredijiligi bilen baglanyşykly sowallara jogap berdiler. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar zehinli okuwçylaryň ýerine ýetirmeklerinde ýazyjynyň eserlerinden gysgajyk sahnalara hem tomaşa etdiler.

Şeýle-de bu ýerde ýazyjynyň eserleriniň sergisi guraldy. Sergide okuwçylar ýazyjynyň dürli ýyllarda neşir edilen «Perman», «Mähri—Wepa», «Dordepel» ýaly meşhur eserleriniň mazmuny bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: