YKDYSADYÝET

Lebapda senagat önümçiligi 111, söwda 109 göterim ösdi

Şu ýylyň birinji çärýeginde Lebap welaýatynda senagat önümleriniň önümçiliginde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 111,8 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada Hökümetiň ýakynda geçirilen mejlisindde Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Degişli döwürde welaýatda içerki söwda dolanyşygynyň möçberiniň görkezijisi 109,7 göterime deň boldy. Şeýle hem şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işlerini bellenilen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi.

Welaýatyň ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda bugdaýa, ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirilýär. Gowaça ekişi guramaçylykly geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: