BILIM

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda bir günde iki mekdep ulanylmaga tabşyryldy

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Lebaby geňeşliginiň Kelteýap we Guşçy, Çowdur geňeşliginiň Saýatly obalarynda täze mekdepler ulanylmaga tabşyryldy. Olary «Döwletli dostlar» we «Ussat Tirkeş» hususy kärhanalarynyň hünärmenleri gurdylar.

Olar bu obalaryň mugallymlary we okuwçylary üçin täze okuw ýylynyň birinji güni edilen hakyky sowgat boldy. Ozal bu obalardan gatnaýan okuwçylara mekdebe gitmek üçin üç kilometr töweregi ýol sökmeli bolýardy. Mekdepler kompýuterler, interaktiw tagtalar we okatmagyň multimediýa serişdeleri bilen üpjün edilen. Zähmet sapaklarynyň geçiljek otaglary oglanlara we gyzlara öwredilýän hünärleriň aýratynlyklaryna görä enjamlaşdyrylan. Sport zaly we meýdançasy, naharhana we kitaphana hem mugallymlaryň we okuwçylaryň hyzmatynda.  

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: