DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hytaýly talyp rus dili sapagynda gowy görýän gyzyna durmuşa çykmagy teklip etdi

Puşkin Institutynyň hytaýly talyplarynyň biri rus dili sapagy gidip duran wagty gowy görýän gyzyna durmuş gurmagy teklip etdi. Özem, rus dilinde. Bu daşary ýurtly hünärmenleriň stažirowkasy kafedrasynyň dosenti Galina Şaturowanyň sapagynda bolup geçdi. Mugallym muny üýtgeşik waka diýip hasaplaýar. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

Ýokary okuw jaýynyň maglumat gullugynda aýtmaklaryna görä, her ýylyň güýzünde Moskwadaky Puşkin Institutynda onlarça hytaý talyplary okap başlaýarlar. Öz hünäri hökmünde rus dilini saýlap alan talyplar ilkinji bilimleri öz ýurdunda alýarlar. Gyzykly tarapy — her talyp sapaklaryň başynda «dil örtügi» diýlip atlandyrylýan rus adyny alýarlar. Bolup geçen söýgi taryhynyň gahrymanlaryna Alýoşa we Katýa diýip ýüzlenýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: