Şazada zenan Diana ýadygärlik açyldy
Penşenbe güni Londonda şazadalar Uilýam we Garri bilelikde ejesi, Uelskili şazada zenan Diana ýadygärlik açdylar. 1-nji iyulda Diananyň 60 ýaşy dolardy, diýip «mail.ru» habar berýär.
«Biz ömrümiz ötýänçä, biri-birimiz bilen bagly». 2018-nji ýylda Garri agasyna bolan garaýşy barada berlen soraga şeýle jogap beripdi.Ondan bäri köp zatlar üýtgedi. Belki, olar häzire çenli biri-bilen baglydyrlar, ýöne soňky wagtda ýoly aýry düşdi.Ýadygärligiň açylyşy maşgalada çynlakaý meseleleriň ýüze çykan wagty boldy. Uilýam we Garri agzybir bolup görünjek bolýarlar, ýöne doganlaryň arasyndaky ýakyn gatnaşyk bozuldy.