DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Adamsyny 50 ýyldan aýalyny direldip boljakdygyna ynanýar

Hytaýyň Şandun welaýatynyň ýaşaýjysy geljekde direldip bolar diýen tama bilen öýkeniniň çiş keselinden aradan çykan aýalynyň meýidini doňdurdy. Bu barada «Mothership» neşirine salgylanmak bilen, «rambler.ru» ýazýar.
Guýa Szýunminiň 49 ýaşly aýaly Çžan Welýan öýken çişmesi bilen keselläpdi. Ol ýogalandan soň Szýunminiň kellesine kriogen doňdurmanyň kömegi bilen aýalynyň meýidini saklamak barada pikir gelipdir.
Ony kriogen rezerwuaryna ýerleşdirmezlerinden ozal, adamsy soňky gezek onuň ýanyna gelipdir. Aýaly edil uklap ýatan ýaly eken.
Kriogen doňdurmak üçin rezerwuar iki müň litr suwuk azot bilen doldurylýar. Ondaky temperatura Selsiý boýunça minus 196 gradus derejesinde saklanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply