Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde maslahat geçirildi

Jul 2, 2021

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde «Magtymguly Pyragy Döwletmämmet Azadynyň Berkarar döwlet gurmak baradaky pikirlerini dowam etdirijidir» atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramagynda geçirilen çärä Magtymgulynyň we Döwletmmämet Azdynyň döredijiligini öwrenýän mugallymlar, kärhananyň hünärmenleri, telekeçiler gatnaşdylar. Onda Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginde bitewi berkarar döwlet gurmak baradaky pikirleriň beýan edilişi, olaryň ogly Magtymgulynyň goşgularynda dowam etdirilişi barada gürrüň edildi. Çykyş edenler şahyrlaryň berkarar döwlet gurmak hakyndaky arzuwlarynyň biziň günlerimizde hasyl bolandygy, soňky ýyllarda amala aşylan özgertmeler hakynda durup geçdiler.

Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak, agzybirlik hakyndaky goşgularyny okadylar.

Adblock
detector