DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Kairde «Faraonlaryň altyn ýörişi» boldy

Ýigrimi iki sany patyşanyň ýurduň paýtagtynyň merkezindäki Müsür milli muzeýinde saklanan mumiýasyny geçen şenbe güni gadymy Fursat etrabynda ýerleşýän Müsür siwilizasiýasynyň milli muzeýine göçürdiler. Mundan bir müň ýyl gowrak ozal şu ýerde Kair şäheri emele gelip başlapdy. «Faraonlaryň altyn ýörişi» diýlip atlandyrylan bu dabarany ýurduň syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi gurady, diýip, «ТАСС» habar berýär.
Ýöriş gün batandan soň başlandy. Munuň üçin Müsüriň paýtagtynyň mumiýaly kerwen geçjek köçeleriniň birnäçesini ýapdylar. Nil derýasynyň kenar ýakasyna çykmazdan ozal kerwen Tahrir meýdanynda ot ýanyp duran ýadygärligiň daşyndan aýlandy.
Müsür üçin möhüm medeni wakany ýerli we daşary ýurtly žurnalistleriň 400-si beýan etdiler, ýerli telekanallar bolsa ýörişi göni ýaýlymda görkezdiler, syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi bolsa ony özüniň «YouTube» kanalynda görkezdi. Mumiýalary göçürilmegi mynasybetli Müsürde faraonlaryň altyn ýörişine bagyşlanan ýörite markalar toplumy çykaryldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply