DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Howuzmy ýa guýy?

Şeýle diýmezçe-de däl. Polşada gurlan bir suw howzunyň çuňlugy 45 mertden hem geçýär.
Hawa, Polşanyň paýtagty Warşawa şäheriniň Mşonuwe diýlen ýerinde gurlan howuz Ýer ýüzündäki iň çuň howuz hökmünde hasaba alyndy. Şol bir wagtyň özünde-de ol iň döwrebap suw howzy hökmünde ykrar edildi.
«The Independent» neşiriniň ýazmagyna görä, «Deepspot» diýlip atlandyrylýan täze howzuň çuňlugy 45 metrden hem geçýär. Oň 8 müň kubmetr suw ýerleşýär. Munuň özi kiçeňräk bir şäherçäni birnäçe günläp agyz suwy bilen üpjün etmäge ýeterlik mukdardaky suwdur.
Ýurtda täze howza isleg eýýämden köp. Ony synlamaga we girip görmäge isleg bildirýänleriň arasynda dünýäniň meşhur suwda ýüzüji türgenleri hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply