Indiki ýylyň gowaça ekişine taýýarlyk görülýär

Nov 30, 2020

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary abatlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
Kärhananyň hünärmenleri bu işe meýilleşdirilen möhletlerde girişdiler. Olar eýýäm azallary, ýer tekizleýjileri, ekijileri we kultiwatorlary abatlap, taýýarlyk hatarynda goýdular. Bu günler boronalary, çizelleri we beýleki enjamlary abatlamak işleri dowam edýär. Kärhanada daýhan birleşikleriniň tehnikalaryna hyzmat edýärler. Şu günler hojalyklaryň gowaça ekişinde ulanyljak abzallaryny abatlamak hem dowam edýär. Gerekli şaýlaryň köpüsi Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda taýýarlanylýar.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: