DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

5G bilen işleýän ilkinji elektrik welosiped döredildi

 Şeýle hem, bu emeli intellekt esasly päsgelçiliklerden gaça durmak ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

 Barselonada geçirilen “Mobile World Congress” çäresinde “Orbic” kompaniýasy tarapyndan hödürlenen welosipediň galyň tekerleri bar.

 “Täze Atlas” neşiriniň habaryna görä, onda köp sanyly kameralar we emeli intellektiň kömegi bilen päsgelçilikleri, çaknyşmak howpuny kesgitleýän enjam bar.

  Iki tigirli welosipediň gurluşynyň hemmesi entek aýdylmady, ýöne ol “Qualcommyň” sekiz ýadroly çipinde işleýär we “Androida” esaslanandyr.  

  Aýdylmagyna görä, ol dünýäde ilkinji 5G mümkinçilikli welosipeddir. Model sagatda 45 kilometre ýetip biler. Täze welosiped şäher we obalar üçin amatlydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: