DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

114 ýylda ilkinji gezek

Koronowirus pandemiýasy sebäpli Nýu-Ýorkda ýerleşýän «Times Square»-daky Täze ýyl baýramy bu ýyl onlaýn görnüşde geçiriler. Bu barada «Times Square Alliance»-a esaslanyp, «The Hill» habar berýär.
Aýdylyşy ýaly, bu ýyl şäheriň ilatyna we myhmanlaryna 31-nji dekabr güni agşam meýdana toplanmak gadagan ediler. Ýöne bu ýerdäki baýramçylyk dabarasyna telewideniýe we Internet arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.
Şeýlelikde, soňky 114 ýylyň içinde ilkinji gezek Nýu-Ýorkdaky Täze ýyl baýramçylygynyň esasy merkezi bolan meýdana hiç kim ýygnanmaz. Ýyllaryň täsir edip bilmedik üýşmeleňine koronowirus hökümini ýöretdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply