DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bäşinji ummanyň peýda bolmagy mümkin

Amerikaly we britaniýaly alymlaryň pikirine görä, uzak geljekde häzirki Efiopiýanyň ýerleşýän sebitlerinde täze ummanyň peýda bolmagy mümkin.
«Munuň üçin 5 ― 10 million ýyl gerek bolar. Çaklamalara görä, Efiopiýadaky Afar çöli geljekde ummana öwrüler» diýip, NBC habar berýär.
Çöl häzir biri-birinde assa-ýuwaş uzaklaşýan üç sany tektonik plitalaryň üstünde ýerleşýär. 2005-nji ýylda bu ýerde uzynlygy 56 kilometre ýetýän jaýryk döredi.
Alymlar häzirki wagtda döwrebap tehnologik ýollar bilen çöle gözegçiligi dowam etdirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply