DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Howasy Ýeriňkä meňşez täze planeta tapyldy

Alymlaryň halkara topary NASA-nyň reaktiw hereketi Barlamhanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde ýeriňkä meňzeş howaly täze eksoplanetany açdylar, diýip «mail.ru» ýazýar.
«TOI-1231 b» diýip atlandyrylan täze planeta Ýerden 90 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär we «M» klasly karlik ýyldyzynyň daşyndan aýlanýar. Ol Ýerden uly we Neptuna meňzeş. «TOI-1231 b» öz ýyldyzyna Ýer bilen aralygyndan sekiz esse ýakyn ýerleşýär we onuň üstündäki ýylylyk Ýeriňkä çalymdaş. Bu täze ekzoplanetanyň hossar ýyldyzynyň Güne garanda has sowukdygy we ondan öçügsidi bilen düşündirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: