TÜRKMENISTAN HABARLARY

Paýtagtly aýdymçylar lebaply gallaçylaryň öňünde çykyş etdiler

Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýew bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha Kakaýewanyň lebaply gallaçylaryň öňünde täze aýdymlary bilen çykyş etdiler.
Olar Saýat, Köýtendag we Çärjew etraplarynda boldular we galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de kärendeçileriň armasyny ýetirdiler. Saýat etrabynda myhmanlardan soň medeniýet merkeziniň aýdymçylary, folklor, sazandalar we tans toparlary hem çykyş etdiler. Köýtendag etrabynda paýtagtdan gelen myhman aýdymçylardan başga-da, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri hem täsirli çykyşlaryny sowgat etdiler.
Häzir Lebap welaýatynda güýzlük bugdaýyň oragy dowam edýär. Bu jogapkärli möwsümde medeni hyzmat etraplaryň ählisinde hem guralýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: