DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Kitiň ýuwudan adamy diri galdy

Maýkl Pakkard 40 töweregi ýyl bäri omar ((on aýakly iri deňiz leňňejini)) tutmak bilen meşgullanýar. Soňky gezek suwa çümende, birden onuň gözleriniň aly garaňkyrap gidipdir we läheňiň agzyna düşenine düşünipdir, diýip «mail.ru» ýazýar. Şol wagt ömri bilen hoşlaşmaly wagtyň gelendigine düşünipdir, çagalaryny we aýalyny ýatlapdyr.
Ýöne läheň birden suwuň ýüzüne çykypdyr we kellesini silkip başlapdyr. Pakkard onuň agzyndan atylyp çykypdyr we suwa gaçypdyr.
«Men erkinlikdedim we ýüzüp bilýärdim. Ýöne men muňa ynanmaýardym» diýip, ol gürrüň berýär.
Ýakyndaky balykçylar ony halas edipdirler we gaýygyna mündüripdirler. Maýkl döwlendir diýen gorkunjyna aýagynyň üstünde durup bilmändir.
Pakkardy hassahana ýerleşdiripdirler. Ol bu ýerde bir gün bolupdyr we öýüne dolanypdyr. Bagtyna aýagy bitin eken. Ýöne ýene biraz wagt agsaklap gezmeli boljak

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: