DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Portugaliýada gurlan pyýadalar üçin gurlan asma köpri dünýäniň rekordyny täzeledi

Demirgazyk Portugaliýanyň Aroka şäherçesiniň ýakynynda dünýäde pyýadalar üçin iň uzyn asma köpri gurdular. «profile.ru» saýtynyň ýazmagyna görä, onuň uzynlygy 516 metre barabardyr.
«516 Aroka» diýlip atlandyrylan köprini 175 metr çuňkukdaky dereden akýan Paiwa derýasynyň üstünden gurdular. Gurluş V şekilli beton diňlere birikdirilen demir troslarda asylan. Köpriniň gurluşygyna iki ýyl töweregi wagt sarp edildi we oňa takmynan 2,3 million ýewro harçlanyldy.
Portugaliýadaky «516 Aroka» dört ýyl saklanyp gelen dünýä rekodryny täzeledi. Şu wagta çenli Şwessariýadaky Çarlz Kuonen adyndaky pyýada köprüsi iň uzyn asma pyýada köprüsi diýlip hasap edilýärdi. Ol Randa obasynyň ýakynyndaky Mattertal jülgesiniň gündogar böleginde ýerleşýär. Onuň uzynlygy 494 metre barabardyr. Köpriniň aşagyndaky jülgäniň çuňlugy bolsa 85 metrdir.

 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply