TARYH

Müsürde suwuň aşagyndaky şäherden gadymy artefaktlary tapdylar

Müsürde suwuň aşagyndaky şäherden ýaşy 2200 ýyla barabar artefaktlary («artefactum» diýen latyn sözünden — «emeli ýasalan, emeli edilen» diýen manyny berýär) tapdylar. Galera we gadymy gabrystan Ortaýer deňziniň suwunyň aşagynda ýatypdyr, diýip «mail.ru» ýazýar. Gadymy harby gämä galera diýilýär. Ol kürekleriň kömegi bilen herekete getirilipdir. Onda Nil derýasynda ýüzüpdirler. Tapylan galeranyň uzynlygy 25 metre barabar eken. Onuň üstüne Amon ybadathanasynyň diwarynyň böleginiň ýykylmagy sebäpli gark bolandygy anyklanyldy. Güýçli ýer titremesi biziň eramyzdan öňki ikinji asyrda bolup geçipdir. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, şol döwrüň çalt ýöreýän galerasy seýrek tapylýar. Şonuň ýaly-da, alymlar toýun gap we müsürde çaga dogurmagyň we hasyllylygyň hudaýy hasaplanylýan arwahyň şekili çekilen tumar tapypdyrlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: