TARYH

Elli üç ýyl geçenden soň kitaby kitaphana gaýtardylar

Şotlandiýanyň Peýsli şäheriniň kitaphanasyna mundan elli üç ýyl mundan ozal alnan kitaby gaýtardylar. Onuň sahypalarynyň arasyna pul goýlan eken, diýip «Труд» gazeti ýazýar. Balbir Singhiň ýazan «Hindi kulinariýasy» diýen kitaby şäher kitaphanasyndan 1968-nji ýylda alypdyrlar. Ony 53 ýyl geçenden soň yzyna gaýtarypdyrlar. Kitabyň sahypalarynyň arasyna 20 funt sterling we ötünç sorap ýazylan haty goýupdyrlar. Kitaphananyň direktory tapyndynyň geň galdyrandygyny boýnuna aldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: