YKDYSADYÝET

Her gün süýt önümleriniň 3 tonnasy öndürilýär  

Bu ýokary görkeziji Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda iş alyp barýan telekeçi Gurbanguly Agaýewiň önümçilik kärhanasyna degişlidir. Häzirki wagtda bu ýerde mesge ýagynyň, gaýmagyň, dorogyň we peýniriň duzly hem-de «Zamana» diýlip atlandyrylýan iki görnüşiniň önümçiligi alnyp barylýar. Bu ýerde öndürilýän süýt önümleriniň her günki möçberi 3 tonna deňdir. Taýýar önümler —mesge ýagy 250 we 500, gaýmak 400 hem-de dorog 350 gramlyk gelşikli gaplara gaplanyp, «Zamana» haryt nyşany bilen ýerli sarp edijilere ugradylýar.

Önümçilik üçin gerek bolan süýt telekeçiniň ýörite maldarçylyk toplumynyň sygyrlaryndan alynýar.  Toplumda gara mallaryň ençemesi idedilip, olaryň süýtlüligine, şeýle hem süýdüň ýaglylygyna üns berilýär. Çünki bu mallar diňe süýt almaga niýetlenip, işçi-hünärmenler olar üçin ýörite taýýarlanýan iýmde süýdüň ýokumly hem-de tagamly bolmagyna täsir edýän tebigy ot-çöpleriň agdyklyk etmegine berk gözegçilik edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: