Mekdep okuwçylarynyň arasynda guralan integrirlenen olimpiadanyň birinji tapgyry tamamlandy

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň guramagynda zehin soraglary hem-de matematika, informatika, fizika, himiýa, biologiýa, iňlis dili dersleri boýunça geçirilýän integrirlenen olimpiada Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylary gatnaşýarlar. Häzirki wagtda etrap, welaýat we döwlet derejesinde — üç tapgyrda geçirilýän olimpiadanyň birinji tapgyry tamamlandy.

Guramaçylyk topary tarapyndan alnyp barylýan hasabata görä, bu tapgyra gatnaşanlaryň sany 30 müňden hem geçdi. Olaryň arasynda iňlis dili, tebigy we takyk ugurlar boýunça döwlet, halkara derejedäki ders, şeýle-de taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolan, has takygy, «Fiso 2022», «Stemco 2022», «WICE Malaysia» ýaly, abraýly olimpiadalarda altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp bolan okuwçylaryň sany agdyklyk edýär.

Her synp boýunça aýratyn tapawutlanan 5 okuwçyny, jemi 20 okuwçyny etrap tapgyry boýunça ýeňiji diýip yglan etmek, olary «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly gaznanyň III derejeli agzalary diýip hasaba alyp, indiki ýylda geçiriljek olimpiadanyň etrap tapgyryna gatnaşmazdan, soňky tapgyryna gatnaşmaga şert döretmek göz öňüne tutulýar. Birinji tapgyryň ýeňijileri aprel aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.

Türkmen we iňlis dillerinde geçirilýän bu olimpiadanyň üç tapgyrynda hem ýeňiji bolanlara diplomlardyr ýadygärlik sowgatlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girmeklerine ýardam bermek maksady bilen «Teklip haty» (Recommendation letter), şeýle-de ýeňijileriň ene-atalaryna hoşallyk hatlary gowşurylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: