YKDYSADYÝET

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümler öndüriler

Sişenbe güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynda habar berilýär.

Şol önümleriň hatarynda awtoulaglar üçin niýetlenen ýarym sintetiki çalgy ýaglary, gämiler üçin niýetlenen ýangyç, azyk, saglygy goraýyş, senagat önümlerini gaplamak we bezeg işleri üçin niýetlenen alýumin çaýylan polipropilen örtügi bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: