YKDYSADYÝET

Ýüplük öndürmegiň ösüş depgini 101,8 göterime barabar boldy

Bu görkeziji Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden etrabyndaky ýüplük fabrigine degişlidir. Ýagny, dokma senagatynyň bu öňdebaryjy kärhanasynda şu ýylyň ýanwar aýynda 7 million 908 müň manatlyga ýakyn önüm öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň ösüş depgininiň 101,8 göterim üpjün edilendigini aňladýar.

Fabrikde öndürilýän dürli belgili ýüplükler dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: