YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda soňky 15 ýylda 222 sany durmuş-medeni maksatly binalar we desgalar guruldy

Lebap welaýatynda soňky on bäş ýylyň dowamynda 11 hassahana, 38 saglyk öýi, 68 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, 40 sany orta mekdep, 17 medeniýet öýi, 32 sport mekdebi, 16 sport desgasy, jemi 222 sany durmuş-medeni maksatly binalar we desgalar guruldy, diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Hut şunça ýyl mundan ozal «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasy» kabul edilipdi. Ol halkyň arasynda «Oba milli maksatnamasy» diýen ady aldy. Onuň çäklerinde bütin Türkmenistanda, şol sanda Lebap welaýatynda hem durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna badalga berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: