Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşiginiň halyçylary şu ýylyň başyndan bäri ýüpek halylarynyň we haly önümleriniň 100 inedördül metrden gowragyny dokadylar.

Bu ýerde halyçylyk bölüminiň açylanyna 30 ýyl dolýar. Şondan bäri halyçylar halylar bilen bir hatarda el torbalaryny, haly ýassyk daşlaryny, golastylyklary, telefon düşekçelerini, gapjyklary, eýerlikleri, horjunlary dokap gelýärler. Halylar we haly önümleri birleşige degişli dükanlarda satylýar.

Ululygy 77 inedördül metr bolan ýene bir uly halynyň bolsa  ýakyn günlerde kesilmegine garaşylýar. Ol sargyt edijä iberiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: