TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge ýardam edýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge ýardam edýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary seljerilip, olara döwrüň talaplaryna laýyklykda hem-de milli we halkara tejribäni nazara almak bilen, degişli üýtgetmelerdir goşmaçalar girizilýär. Bu barada Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

Türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak, amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet maksatnamalaryny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny hukuk taýdan goldamak boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde hereket edýän kanunçylygy seljermek we ony kämilleşdirmek, täze kanun taslamalaryny taýýarlamak babatda işleri alyp barýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: