DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Xiaomi çäýnek satuwy boýunça rekord goýdy

Xiaomi smartfonlardan beýleki önümleriň giň bazarlarynda çäýnek satuwy boýunça rekord goýdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

“Canalys”-iň soňky hasabatyna görä, Xiaomi smartfonlaryň iberilişi boýunça dünýäde üçünji ýerde durýar. Şeýle-de bolsa, bu kompaniýa diňe ykjam enjamlary bilen däl, eýsem beýleki önümleriniň giň görnüşi bilen hem tanalýar. Xiaomi-niň beýleki önümleriň bazarynda çäýnek satuwy baradaky soňky statistik maglumatlar hem muňa şaýatlyk edýär.

Xiaomi-niň bu meşhur çäýnekler seriýasy “Xiaomi Water Kettle” diýlip atlandyrylýar. Kompaniýa bu çäýnekleriň satuwynyň 2021-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli 15 milliondan geçendigini habar berdi. Bu seriýadaky önümleriň bahasy 12 dollardan 39 dollar aralygynda diýip, ferra.ru ýazýar.

Köp Xiaomi çäýnekleriniň Bluetooth arkaly smartfondan dolandyryş funksiýasyny goldaýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa onuň esasy aýratynlyklarynyň biri hasaplanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: