YKDYSADYÝET

Gurluşyk serişdeleriniň 20 görnüşi öndürilýär

Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynda häzirki wagtda gurluşyk serişdeleriniň 20 görnüşi öndürilýär. Munuň bilen birlikde degişli döwür üçin bellenilen meýilnama-da artygy bilen berjaý edilýär. Bu şu ýylyň dokuz aýynyň mysalynda hem şeýledir. Ýagny kärhanada degişli döwür üçin meýilnamany 140 göterimden gowrak berjaý etdi. Öndürilen gurluşyk serişdeleriniň hem-de ýerine ýetirilen dürli görnüşli önümçilik işleriniň pul mukdaryndaky möçberi bolsa 13,6 million manatlyga golaý boldy.

Geçen dokuz aýda bu ýerde gurnama demir-beton önümleriniň 19 müň kub metre golaýy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105 göterim ösüş gazanyldy. Indi bir ýyla golaý wagt bäri hereket edýän täze ulgamda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň içki diwarlarynyň taýýarlanyşynyň, şeýle-de ýerli gurluşyk önümleriniň esasylarynyň biri bolan hekiň öndürilişiniň möçberi artdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: