YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň himiýa zawodynda 151,5 müň tonna golaý fosforly dökün öndürildi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin fosforly mineral dökünleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe bu zerur önümiň 151,5 müň tonna golaýy öndürildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden köpdür. Himiýaçylar mineral dökünler bilen birlikde ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin beýleki zerur önümleri hem köpçülikleýin öndürýärler. Olaryň arasynda plastiki turbalar hem bar. Şanly ýylyň geçen ýedi aýynda bu önümiň 68,3 müň metre golaýy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Bu görkeziji geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründäkiden bu önümi öndürmegiň iki esseden hem gowrak artdyrylandygyndan habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: