BILIM

Russiýa Federasiýasy Mariý döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygynda (Kazan şäheri) Baş konsul A.H.Baýramow Mariý Döwlet uniwersitetiniň (Ýoşkar-Ola şäheri, Mariý El Respublikasy, RF) rektory M.N.Şwesow we prorektory B.P.Petrowa bilen duşuşdy. Bu baradaky habar «Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynda goýuldy.
Taraplar bilim we ylym çygryndaky türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususanda, Türkmenistanyň we Mariý El Respublikasynyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda lukmançylyk, energetika, himiýa, biologiýa, azyk senagaty, fizika ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak, şonuň ýaly-da onlaýn leksiýalary geçirmek, tejribe alyşmak, ylmy barlaglary geçirmek boýunça bilelikdäki resminamalary taýýarlamagyň zerurlygy malim edildi.
Başga meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzir Mariý Döwlet uniwersitetinde 35 ýurtdan 9 müň talyp okaýar. Olaryň arasynda türkmenistanly talyplar hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply