BILIM

Okuw maslahaty adam hukuklaryna bagyşlanyldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Adam hukuklary boýunça ählumumy deklarasiýanyň kabul edilmeginiň 75 hem-de Wena deklarasiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli okuw maslahaty guraldy.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasy tarapyndan guralan maslahata ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäginde Adam hukuklary baradaky halkara konwensiýasynyň mazmuny, halkara hukuklaryň adam hukuklarynyň çägindäki milli kanunçylyk kadalary, Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy baradaky çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem okuw maslahatynyň dowamynda sowal-jogap alşylyp, oňa gatnaşyjylaryň düşünjeleri baýlaşdyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: